...Ene kän edepleň tutdular adyn. Diýdiler: «Gabanma özgäň şöhratyn!» «Gabanma zehiniň ezelligini!» «Gabanma öz joraň gözelligini!» «Gabanma öz äriň gerçekligini!» «Gabanma öz gelniň alçaklygyny!. Ne näzlerin, ne-de sözlerin gaban, Diňe oýnaklatsa... gözlerin gaban!»
Diýdiler: «Erkekden belentdir aýal!» «O nämüçin?» diýip berdiler sowal. Jogabyn berdiler: «Gutaryp ömrüň, Ýagty dünýä bilen hoşlaşsaň bir gün – Aýal är ojagyn saklar – diýdiler, Söýgiňi müň kerem haklar!» diýdiler. «Çagalaryn iýdir, geýdir – diýdiler, Şeýdip ýaş ömrüni köýdir!» diýdiler.
«Emma beýdip bilmez erkek – diýdiler, Bu babatda pesdir entek!» diýdiler. «Altmyşdan, ýetmişden geçse-de saly, Gözlerin ýumdumy eziz aýaly – Ýatdan çykyp wepa, ygrar – diýdiler, Ikinjiň gözlegne ylgar!» diýdiler.
...Diýdiler, diýdiler, diýdiler kän zat. Käbirisi aňsat. Köpüsi kyn zat. Aňsadyn – hemmeler başar – diýdiler, Kynyn başarmakda iş bar – diýdiler. Kyn hem bolsa, Şudur wesýet – diýdiler. Diňe kyn zat – Şol mukaddes! – diýdiler.